Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bilen gutlady
10:01 09.05.2024 7310
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady.
“Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip, gutlagda aýdylýar.
“1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi” diýip, Prezident belledi.
Serdar Berdimuhamedow uruş ýyllarynda müňýyllyklardan gözbaş alýan adamkärçilik, ynsanperwerlik ýörelgelerimize eýerilip, altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramynyň Goranmak gaznasyna meýletinlik bilen tabşyrylandygyny ýatlady.
“Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy. Biz Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda, bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren watandaşlarymyza çäksiz guwanýarys” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
“Ýeňiş güni mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris, uruş weteranlarymyza baýramçylyk sowgatlaryny dabaraly gowşurýarys. Bularyň ählisi biziň 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda erkinlik we azatlyk ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlarymyza, ýowuz synaglardan abraý bilen geçip, Watana, halka, adamzada ak ýürekden hyzmat etmegiň görelde mekdebine öwrülen watandaşlarymyza çuňňur hoşallygymyzyň, çäksiz sarpamyzyň aýdyň beýanydyr” diýip, döwlet Baştutany belledi.
8-nji maýda günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.