TEIF 2024 Halkara forumyna gatnaşyjy bilen söhbetdeşlik
06:32 01.05.2024 7941
Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy üstünlikli geçirildi. Forumyň geçişi barada özünde galdyran täsirler bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ykdysady bölüminiň ýolbaşçysy Edward Braýen paýlaşdy.
- Edward Braýen, bu siziň Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna ilkinji gezek gatnaşyşyňyz däl bolmaly?
- Hawa. Maňa öň hem şular ýaly forumlara gatnaşmak miýesser etdi. Hususan-da, Türkmenistanda bolşy ýaly, Londonda, Dubaýda geçen forumlara gatnaşdym. Şonuň üçin hem, men bu ugurdan hünärmen diýäýmeli.
- Diýmek, siz şu gezekki forumyň guramaçylyk derejesine dogry baha berip bilersiňiz, täsirleriňiz neneň?
- Bir söz bilen aýdyp bilerin – ajaýyp! Forumyň guramaçylaryny onuň ýokary derejesi bilen gutlaýaryn. Çykyş edýänleriň ýokary wezipeli adamlardygyny aýratyn nygtamak isleýärin.
- Maslahatlaşylan haýsy mowzuklar, siziň pikiriňizçe, aýratyn aktual häsiýete eýe?
- Gürrüňsiz, gün tertibine girizilen ähli meseleler hem möhüm. Foruma gatnaşyjylaryň aglaba köplügi muňa şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda diňe bir Türkmenistanyň geljegi uly energetika bazaryna çykmak isleýän halkara kompaniýalar däl, eýsem, iri halkara guramalarynyň hem düzümleri bar.
“Uglewodorodlary çykarmakda metan we kömürturşy gazynyň bölünip çykmagyny azaltmak” diskussiýasyny aýratyn nygtamak isleýärin. Ol bu mesele boýunça dünýäniň iň öňdebaryjy bilermenlerini jemledi. Munuň özi şu meseläniň häzirki wagtda näderejede möhümdigini we Türkmenistanyň bu meseläni çözmäge jogapkärçilikli gatnaşýandygyny görkezýär. Munuň özi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Metan boýunça Ählumumy borçnama goşulýandygy barada beýan etmeginden soň has hem aýratyn ähmiýete eýe boldy.
- Siziň pikiriňizçe, Pariž forumy nämesi bilen tapawutlanýar?
- Parižiň saýlanyp alynmagy, Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga üns berýändigini alamaty bolup durýar. Çünki Pariž dürli ýurtlardan, şol sanda amerikan kompaniýalaryndan gatnaşyjylar üçin amatly ýer. Pariž forumy biziň kompaniýalarymyz üçin mümkin bolan türkmen hyzmatdaşlary bilen tanyşmaga we netijeli duşuşyklary geçirmäge oňat mümkinçilik berdi.
Pariž forumynyň çäklerinde gatnaşyklarymyzyň amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energetika toplumynyň ösüşinde gatnaşygyny giňeltmegine oňyn täsir etjekdigine ynanýaryn.
- Dogry nygtap geçdiňiz, Forum gatnaşyjylaryň sanyny görnetin artdyrdy, oňa gatnaşýan abraýly halkara düzümlerini sany barha artýar. Munuň sebäbi nämede?
- Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, energetika, ulag we kommunikasiýa pudagyna göni maýa goýumlaryny çekmeklige gönükdirilen ýöriteleşdirilen halkara forumynyň meýdançasy bu amerikan hem halkara kompaniýalary üçin Türkmenistanda bu ulgamlaryň ösüşini bahalandyrmak, “Türkmengaz” hem “Türkmennebit” DK-laryň energiýa serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak boýunça işi bilen tanyşmak üçin oňat mümkinçilik. Bularyň ählisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge höweslendirýär.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.