Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
13:03 06.04.2024 2948
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi saparynyň çäklerinde 5-nji aprelde Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, şol sanda ony hususy kompaniýalaryň, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmek arkaly üpjün etmek maksady bilen, ylalaşykly işleri amala aşyrmagy teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda netijeli ädimleri ätmegiň zerurdygy aýdyldy.
Täjigistan Respublikasynyň Hökümetinde geçirilen duşuşykda Serdar Berdimuhamedow tarapyndan türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dostlukly döwletiň çäginde dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine garamaga taýýarlyk tassyklanyldy. Türkmenistan bu meseläni öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň duşuşygyny guramaga taýýardyr.
Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparynyň işine, şeýle hem Türkmen-täjik işewürler geňeşine möhüm orun berilýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Täjigistanyň Premýer-ministri 4-nji aprelde Prezident Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň birnäçesine üns çekdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gürrüň, hususan-da, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça ulag ýoluny döretmek, şeýle hem Täjigistanyň we Özbegistanyň çäginiň üsti bilen, Hazar deňziniň we Pars aýlagynyň portlaryna çykmak arkaly Hytaýdan Türkmenistana multimodal ulag geçelgesini çekmegiň mümkinçilikleri barada barýar.
Demir ýol we awtomobil ulagy ulgamynda hem degişli işler alnyp barylýar. Iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýükleri üstaşyr geçirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýük daşamalaryň möçberi durnukly artýar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligini öwrenmegi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde energetika ulgamyna garamagy teklip etdi. Gürrüň, hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny we tebigy gazyny Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana ibermek barada barýar. Şunda elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda biziň ýurtlarymyzyň tejribesiniň bardygy bellenildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň şeýle gatnaşyklary dikeltmäge we ony yzygiderli esasda amala aşyrmaga, elektrik energiýasyny, tebigy gazy ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şunda, zerur bolan halatynda, özbek tarapynyň bilermenleriniň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygy guramak maksadalaýyk hasaplanýar.
Ýurdumyz türkmen nebit önümlerini ibermek ulgamynda Täjigistan bilen gatnaşyk edýär we täjik tarapynyň isleglerine laýyklykda, olaryň möçberini artdyrmaga hem taýýardyr. Oba hojalyk pudagynda-da hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.