Ýaşaýyş çeşmesiniň gözbaşynda

Ýaşaýyş çeşmesiniň gözbaşynda

Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli arassa agyz suwy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek wezipesi «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş Maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapýar. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli bu derwaýys işi ygtybarly ýola goýmakda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň günbatar sebitdäki «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň zähmet toparlary has-da işjeňlik görkezýärler. Korporasiýanyň ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň geologlary diňe bir uglewodorod çig mallaryna baý gorlary tapmak bilenem çäklenmän, ýerasty suw çeşmeleriniň hem-de gazylyp alynýan minerallaryň dürli görnüşleriniň, gurluşyk serişdeleri üçin çig mallaryň ýataklarynyň gözleg-barlag işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 19-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini nygtamak bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bu meselede netijeli işleri geçirmelidigi barada beren görkezmelerinden ugur alyp, bu ekspedisiýanyň häzirki wagtda ýerine ýetirýän işleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna doly laýyk gelýänligi bilen tapawutlanýar. Kärhanada geçen ýylda täze dik guýularyň 83-sinde burawlaýyş işleri üstünlikli tamamlanypdyr. Gürrüňi edilýän ýylda gazylan umumy çuňluk bolsa 6 müň 353 metre deň gelipdir. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 110 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Geçilen çuňlugyň 5 müň 747 metri meýilnamalaýyn, 606 metri bolsa şertnamalaýyn bitirilen işlerdir. Ekspedisiýanyň hünärmenleri ýerasty suwlary gözläp tapmagy, olaryň ätiýaçlyk gorlaryny takyklamagy hem-de gazuw işleri tamamlanan dik guýulary talabalaýyk ulanyşa tabşyrmagy nusgalyk derejede amala aşyrmagyň hötdesinden gelýärler. Olar Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Janahyr» ýerasty suw ýatagynyň süýji we gowşak duzly suwlarynyň ulanyş gorlaryna gaýtadan baha bermek, Magtymguly — Çendir obasynyň aralygynda (Günbatar Köpetdagyň jülgelerinde) ýerasty süýji we gowşak duzly suwlaryň jikme-jik barlagyny geçirmek, Gyzylarbat etrabynyň «Pürnüwar» ýatagynyň ýerasty suwlarynyň gorlaryna baha kesmek üçin jikme-jik barlagy geçirmek, welaýatyň ýerasty suwlarynyň düzgünini we balansyny öwrenmek, ulanyş guýularyny burawlamak ýalу möhüm işleri talabalaýyk alyp barýarlar. Ekspedisiýanyň esasy işleri günbatar sebitiň ilatynyň hojalyk ýerasty agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, ekin meýdanlarynyň suwaryş işlerini ýokarlandyrmaga hem-de mallaryň bakylýan örülerini suwlulandyrmaga gönükdirilendir. Bu derwaýys işler korporasiýanyň geologiýa gözleg işleriniň gurluşlar boýunça meýilnamasy we Balkan welaýat häkimliginiň sargytnamasy esasynda amala aşyrylýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl