Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Öz ugry boýunça welaýatda ýeke-täk zähmet köpçüligi bolan ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar geçen ýylyň özleri üçin üstünliklere beslenen ýyllaryň biri bolandygyny aýdýarlar. Olaryň gürrüňlerine görä, ekspedisiýanyň işjeň agzalarynyň birleşen tagallalary netijesinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan 2023-nji ýyl üçin tassyklanan geologiýa-gözleg işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, demirgazyk welaýatyň giňişliklerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, ýerasty suwlaryň düzgünini we mukdaryny öwrenmek maksady bilen, geologiýa gözleg işleriniň dürli görnüşdäki önümçiligini, mehaniki sütünleýin-burawlaýyş, guýularda geofiziki barlaglary, meýdan işleriniň netijesinde alnan geologiýa-geofiziki maglumatlary işläp taýýarlamak, gidrogeologik, inžener-geologik we geoekologik surat alma, welaýatyň gidrogeologik gurluşy we ýerasty suwlaryň gorlary baradaky hasaplamalary hem-de olary resmileşdirmek, hasabyny ýöretmek ýaly wajyp wezipeler üstünlikli amal edilipdir.

Aýratyn hem geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäklerinde ýerasty süýji suw gorlarynyň gözleg-barlag işlerini hem-de düzgün gözegçiligini, şeýle-de 1:50000 we 1:200000 ölçegde geoekologik barlaglary ýokary derejede alyp baran ekspedisiýanyň suw gözleýjileriniň buraw işleriniň ýyllyk meýilnamasyny 120,76 göterim ýerine ýetirendiklerini ekspedisiýanyň hünärmenleri buýsanç bilen aýdýarlar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl