«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz gojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri güýz-gyş möwsüminiň işlerini ýokary guramaçylykly dowam edýärler. Bu ugurda müdirligiň welaýat merkezinde ýerleşýän «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň şäheriň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde häzirki günlerde alyp barýan derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Gazçylaryň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde Daşoguz şäheriniň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyçdan» bolelin peýdalanmaklary gazanylýar.