Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak işine «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda olaryň tutumlary has uly, maksatlary has belent.
— Ýerine ýetirýän işimiziň örüsi örän giň. Ol ýurdumyzyň Balkan, Lebap welaýatlarynyň geljegi uly bolan meýdançalaryny öz içine alýar. Şanly ýylda hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarys. Bu möhüm işde biz hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly buraw enjamlaryna giňden daýanýarys — diýip, ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň başlygy Batyr Akmyradow gürrüň berýär.