Rowaçlyklara beslenýän menziller

Rowaçlyklara beslenýän menziller

— Her gezek ulaglar kärhanamyzyň derwezesinden çykyp, uzak menzillere ýola rowana bolanda olary ýagşy arzuw-niýetler bilen ugradýarys. Sürüjilerimiz ymgyr Garagumuň gollarynyň arasynda ýerleşýän gaz känlerine, önümçilik desgalaryna möhüm ýükleri bökdençsiz daşaýarlar, zerur işleri bitirýärler. Möhüm ýükleriň degişli ýerine öz wagtynda, abat ýagdaýda eltilmegi, gaz geçirijileri, desgalary abatlamak bilen bagly işleriň ýokary hilli bitirilmegi bolsa umumy işlerimiziň barha öňe ilerlemegine uly ýardam berýär — diýip, Gurbangeldi Bekiýew gürrüň berýär.

Biziň gürrüňdeşimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulaglar kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy. Ol bu wezipä saýlanmazdan ozal kärhanada köp ýyllaryň dowamynda sürüji bolup zähmet çekipdir, özüne ynanylan ulagy bilen on müňlerçe kilometr ýoly külterläpdir. Şol sebäpli ol sürüji bolmagyň aňsat däldigine, onuň ýerine ýetirýän işiniň ähmiýetine has gowy düşünýär. Bu ýagdaý oňa alyp barýan gündelik işinde uly goltgy berýär. Guramanyň ýolbaşçysy kärhananyň her bir işgäriniň işiniň aýratynlygyny nazarda tutup, olaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda yzygiderli alada edýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993