Baş baýramymyzy sowgatly garşylaýarlar

Baş baýramymyzy sowgatly garşylaýarlar

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň düzümine girýän edara-kärhanalaryň işçi-hünärmenleri ýylyň başyndan bäri welaýatda hereket edýän gaz akdyryjy, gaz gysyjy hem-de gaz paýlaýjy desgalar bilen bir hatarda, dolandyryş we önümçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda giň göwrümli işleri durmuşa geçirdiler.

Gyşa taýýarlyk işleri müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyndan başlap, Ýöriteleşdirilen ulanyş, Merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik, Jemleýji we üpjün ediji tehniki önümçilik hem-de Awtoulaglar edaralarynda, «Gazawat» senagat meýdançasynda, şeýle hem «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän gaz gysyjy desgalarda meýilnamalaýyn esasda guramaçylykly alnyp baryldy. Degişli hünärmenler tarapyndan binalaryň ýyladyş ulgamlary doly gözden geçirilip, zerur bolan ýerlerinde düýpli abatlaýyş we dikeldiş işleri geçirildi. Netijede, bir tarapdan, ýyladyş ulgamlarynyň saz işlemegi gazanylan bolsa, ikinji bir tarapdan, müdirligiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän adamlaryň amatly hem-de howpsuz iş şertlerinde, ýyly we ýagty iş orunlarynda işlemeklerine giň mümkinçilikleriň döredilendigini, bu işlerde «Gazawat» senagat meýdançasynyň işgärleriniň has-da tutanýerlilik görkezendiklerini müdirligiň ýolbaşçylary buýsanç bilen gürrüň berýärler.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993