Gidrogeologlaryň guwandyryjy görkezijileri

Gidrogeologlaryň guwandyryjy görkezijileri

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şygaryna beslenen ýylyň ilkinji bäş aýyny üstünlikli jemlemek bilen, geçen döwürde ýerasty suwlaryň geoekologik gözleg-barlag hem-de burawlaýyş işlerini alyp barmakda ýokary netijelere eýe boldular.

Ekspedisiýanyň işjeň agzalary «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan 2023-nji ýyl üçin tassyklanan geologiýa-gözleg işleriniň meýilnamasy boýunça demirgazyk welaýatyň giňişliklerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, ýerasty suwlaryň düzgünini we mukdaryny öwrenmek maksady bilen, geologiýa gözleg işleriniň dürli görnüşdäki önümçiligini, mehaniki sütünleýin burawlaýyş, guýularda geofiziki barlaglary, meýdan işleriniň netijesinde alnan geologiýa-geofiziki maglumatlary işläp taýýarlamak, gidrogeologik, inžener-geologik we geoekologik surat alma, dag jynslarynyň, kerniň, ýerasty, ýerüsti suwlaryň barlaghana barlaglarynyň maglumatlaryny, welaýatyň gidrogeologik gurluşy we ýerasty suwlaryň gorlary baradaky hasaplamalary hem-de olary resmileşdirmek, hasabyny ýöretmek işlerini alyp barýarlar. Bu ugurlarda öňde goýlan aýdyň wezipeleri aýba-aý üstünlikli amal edip gelýän ekspedisiýanyň suw gözleýjileri tarapyndan hasabat döwründe buraw işleriniň iş meýilnamasy 122,75 göterim berjaý edilen bolsa, bu babatda maý aýynyň iş tabşyrygynyň 123,85 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini ekspedisiýanyň ýolbaşçylary buýsanç bilen aýdýarlar. Ýene-de şol döwürde ekspedisiýanyň degişli hünärmenleri tarapyndan 1:200 000 we 1:50 000 ölçegdäki geoekologik surat alma işleri hem göz öňünde tutulan iş meýilnamasyna laýyklykda dolulygyna berjaý edilipdir.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993