Ýeriň jümmüşindäki nebit çig malynyň tassyklanan gorlarynyň on göterimine barabarynyň berkarar türkmen döwletiniň paýyna düşýändigi buýsançly hakykatdyr. Türkmen topragyna rowa görlen bu uly baýlygy halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika pudagynyň kerwenbaşysy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda diňe soňky ýyllarda alnyp barylýan ägirt uly işler hem muny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Harytlyk görnüşindäki ilkinji önümlerini sarp edijilere ýetirip başlanyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 5-nji iýunynda 80 ýyl dolýan bu toplum mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde düýpli täzelenişi başdan geçirip, bu ugurda tutuş dünýäde giňden tanalýan kärhanalaryň hataryna ynamly goşuldy. Ýeterlik derejede döwlet maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen bu ýerde çig nebitden dürli görnüşli harytlyk önümleri taýýarlaýan zawodlar, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary işe girizildi.