Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamyny döwrebap ösdürmek, uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak, onuň sarp edijilere üznüksiz ýetirilmegini üpjün etmek boýunça öňde goýýan möhüm wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine «Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümi bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary saldamly goşant goşýarlar. Şunda müdirligiň hyzmat ediş gullugynyň edara-kärhanalarynyň zähmet adamlarynyň hem mynasyp paýy bar.
Müdirligiň mehaniki abatlandyryş sehi şol kärhanalaryň biri. Bu ýerde «Galkynyş», Üçajy, Ýolguýy, Gündogar hem-de Günbatar Şatlyk gaz känlerindäki edara-kärhanalaryň önümçiliginde ulanylýan enjamlary, olaryň böleklerini bejermek, abatlamak işleri ýerine ýetirilýär. Sehde edara-kärhanalardan gelýän buýurmalar esasynda bejeriş, abatlaýyş işleri geçirilýär. Onuň tehniki binýady — tokar enjamlary, şeýle hem ýylmaýjy enjamlary işgärlere gelýän buýurmalary öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýär.