Ojaklary alawly, kalplary hoşallykdan pürepür

Ojaklary alawly, kalplary hoşallykdan pürepür

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna beslenen 2023-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Aýratyn hem edaranyň Gubadag şäherinde ýerleşýän ülşüniň işçi-hünärmenleriniň ýokary basyşly hojalygara gaz geçirijileriniň ugrunda alyp barýan işleri biziň ünsümizi özüne çekdi. Ülşüň ýolbaşçysy Begmyrat Amanmedowyň gürrüňlerinden häzirki döwürde dürli basyşly gaz geçirijileriň 1 müň 400 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilýändigine göz ýetirdik.

— Gyş pasly gazçylaryň iş ýüküniň has-da artýan döwri. Bu möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim ojaklarynyň we önümçilik kärhanalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen, tebigy gazyň sarp edilişi ep-esli artýar. Netijede, gaz geçirijilerde we gaz paýlaýjy hem-de sazlaýjy enjamlarda basyş ençeme esse ýokarlanýar. Ýene-de gaz geçirijileriň egin berip geçýän ýerlerinde näsazlyk tapmak howpy ýüze çykýar. Çünki howa aşa sowuk bolan ýagdaýynda şol ýerlere tebigy gazyň düzüminde bar bolan suwuklyklar ýygnanyp, doňmak bilen «mawy ýangyjyň» üznüksiz akmagyna päsgelçilik döredýär. Şonuň üçin hem ülşümiziň daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleri özlerine berkidilen gaz desgalarynyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemegi ugrunda sazlaşykly işleri alyp barýarlar — diýip, B.Amanmedow gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993