«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda düýpli ösüşler gazanylýar, möhüm çözgütler kabul edilýär.
Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, gaz kärhanalarynyň desgalarynyň we ulgamlarynyň 2022 — 2023-nji ýyllaryň güýz-gyş möwsüminde bökdençsiz we howpsuz ulanylmagy üçin konserniň kärhanalarynda taýýarlyk işleri ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar.