Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha gowulandyrmak baradaky ynsanperwer syýasaty esasynda döwletimiz tarapyndan bagtyýar halkymyza berilýän tebigy gazyň sarp edijilere ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz ýetirilmeginiň üpjün edilmegine «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Kärhana boýunça şu ýylyň geçen sekiz aýynda sarp edijilere ýigrimi milliard sekiz ýüz otuz dokuz million dört ýüz otuz dört müň kubmetr tebigy gaz akdyrylyp, bellenilen meýilnama üstünlikli berjaý edilipdir.
Müdirligiň hünärmenleridir işçileriniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda çekýän tutanýerli zähmeti arkaly ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlaryň ilaty, şol welaýatlaryň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalar tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilýär. Häzir bu önümçilik düzüminiň gazçylary şu welaýatlarda umumy uzynlygy iki müň sekiz ýüz sekiz kilometr bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler.