«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Daşoguz welaýatyndaky nebit önümleri kärhanalarynyň işgärleri geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde möwsümleýin meýdan işlerine, bugdaý ekişine gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary we hasyl daşaýjy ulaglary ýangyç hem-de çalgy ýaglary bilen üpjün etmekde nusgalyk işleri alyp barýarlar.
Demirgazyk welaýatyň pagtaçy ýer eýeleri hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylky oba hojalyk ýylynda 155 müň gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmek bilen, pagta ýygymy möwsüminde 275 müň tonna «ak altyn» ýygyp, Watan harmanyna goşarlar. Welaýatyň gallaçy we pagtaçy daýhanlarynyň häzirki jogapkärli möwsümde gündelik alyp barýan wajyp işleriniň günsaýyn ilerlemeginde «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň ýerlerdäki nebit önümleri kärhanalarynyň işgärleriniň saldamly goşandynyň bardygyny aýratyn bellemek bolar. Çünki Diýarymyzyň demirgazyk welaýatynda Daşoguz şäherinde, Gubadag, Boldumsaz, Köneürgenç hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda döwrebap nebit kärhanalary bar, ol ýerlerde häzirki wagtda pagta ýygymyny we galla ekişini öz wagtynda hem-de agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hil derejesinde geçirmek maksadynda möwsüme zerur bolan ýangyç, şeýle-de çalgy ýaglarynyň ygtybarly gorlary döredildi.