Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz ulgamynda-da önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylýan döwründe täze tehnologiýalardan, sanly ulgamdan kämil derejede baş çykarýan işçi-hünärmenleri taýýarlamaklygy möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hünäri kämilleşdiriş bölüminde indi birnäçe ýyldan bäri döwletimiziň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň hünärini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Bu bölümde ýylyň dowamynda ýörite düzülen okuw meýilnamasyna laýyklykda kämilleşdiriş okuwlary geçirilip, onda işçi-hünärmenlere nebitgaz pudagyna ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar, enjamlar, innowasiýalar barada giňişleýin düşünje berilýär. Okuw otaglary gerekli görkezme esbaplary, interaktiw tagtalar, nebitgaz önümçiligine degişli döwrebap tehniki serişdeler bilen ýeterlik derejede üpjün edilipdir.