Şu ýylyň ýedi aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň oňat netijeler bilen jemlenjekdigini çaklamaga esas berýär. Bu babatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň bitirýän işleri öwgä mynasypdyr.
— Şanly ýyla ynamly gadam basdyk. Görkezijilerimiz hem barha ýokarlanýar. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda müdirligimiz boýunça tebigy gazyň 7 milliard 214,6 million kubmetrden gowragy öndürildi. Munuň özi meýilnamanyň 127 göterimden gowrak berjaý edilendigini görkezýär. Ýylyň geçen döwründe Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly «mawy ýangyjyň» 4 milliard 466,5 million kubmetrden gowragy akdyryldy. Şonça harytlyk önümiň agramly bölegi bolsa dostana Hytaý döwletine ugradyldy — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow gürrüň berýär.