Sargytlar berjaý edilýär

Sargytlar berjaý edilýär

Hormatly Prezidentimiziň döwrebap çözgütleri bilen barha rowaçlyklara beslenýän Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň zähmet toparlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze belentliklere ynamly gadam urýarlar.

Konsern boýunça geçen alty aýda 12 müň tonna golaý «gara altynyň», 300 million kubmetrden gowrak «mawy ýangyjyň» bellenilen meýilnamalardan artyk çykarylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir. Uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryň gazanan bu üstünliklerinde konserniň suwçularynyň hem uly goşandy bar. Aslynda, nebitçileri zerur möçberde tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek esasy şertleriň biridir. Bu möhüm iş konserniň Suw üpjünçilik müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Merdana nebitçileriň zähmet çekýän ojaklarynyň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň agyz suwuna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem şu kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda sarp edijilere ýetirilen suwuň 2 million 87 müň kubmetre barabar bolmagy, müdirlikde bu möhüm wezipeleriň mynasyp çözgüdini tapýandygyny aňladýar. Has takygy, gürrüňi edilýän hasabat döwründe konserniň degişli düzümleri tarapyndan gelip gowşan sargytlara bu müdirlik boýunça 104,3 göterim amal edilipdir. Aslynda-da, her bir önümçilikde bolşy ýaly, ýangyç-energetika ulgamynyň işlerinde-de suw esasy zerurlyk bolup durýar. Şuňa magat göz ýetirýän kärhananyň hünärmenleri Ýasga kölünden we Hazar deňzinden arassalanyp alynýan içimlik süýji suwlary ilata, Balkanabat bölümindäki dik guýulardan alynýan suwlary bolsa önümçilik maksatly işlere turbageçirijiler arkaly ýeterlik mukdarda akdyrmagy başarýarlar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993