Döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriň biri — tebigy gaz bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň baş aladasy bolup durýar. Häzirki günlerde bolsa olar gaz geçirijileri, gaz desgalarydyr enjamlaryny jogapkärli döwür hasaplanylýan güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini tehnologik talaplara laýyk ýokary depginde alyp barýarlar. Bu möhüm işler «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň Mary welaýatynyň şäherlerindäki hem-de etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynda bellenilen meýilnama laýyklykda sazlaşykly alnyp barylýar.
Müdirligiň «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasy güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň göwnejaý guralan ýeridir. Edaranyň gazçylary şäher boýunça umumy uzynlygy iki ýüz otuz bir müň dokuz ýüz elli bir metr bolan ýokary, orta, pes basyşly gaz geçirijilere hyzmat edýärler. Olar tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş paslynda gaz geçirijilerde bökdençligiň bolmazlygy üçin gözegçilik işlerini bildirilýän talaplara laýyk geçirýärler.