Nebitçileriň ýakyn ýardamçylary

Nebitçileriň ýakyn ýardamçylary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykyryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň «Goturdepe» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleridir işçileri ýokary sepgitlere eýe bolmak bilen netijeli zähmet çekýärler.

«Türkmennebit» döwlet konserni hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde nebit, gaz çykarýan iri kärhanalaryň biri hökmünde giňden tanalýar. Bu ýerde alymlar, geologlar, önümçilik inženerleri tarapyndan uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny durnuklaşdyrmak hem-de onuň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça işlenip düzülen toplumlaýyn meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak bolsa dünýäde ykrar edilen häzirki zaman tehnologiýalaryny, enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen berk baglanyşyklydyr.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl