Ümzükleri ileri, maksatlary aýdyň

Ümzükleri ileri, maksatlary aýdyň

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry zähmet köpçüliginiň biri bolan «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň 7 aýynyň iş tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, awgust aýynyň işlerini guramaçylykly dowam edýärler. Häzirki döwürde edaranyň agzybir işgärleri tarapyndan gojaman Şabady etekläp oturan welaýat merkeziniň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 780 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 650-ä golaýyna gije-gündiziň dowamynda ýokary derejede gözegçilik edilýändigini bellemek bolar. Netijede, gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleriniň birleşen tagallalary esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri, ýagny şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde ýokary netijeler gazanylyp, ýedi aýyň göz öňünde tutulan iş meýilnamasy birkemsiz amal edildi.

Biz munuň şeýledigine welaýat merkeziniň Nowruz, «Merkez-1», «Merkez-2», «Suwçy» ýaşaýyş jaý toplumlarynda we Gülüstan şäherçesinde hem-de şähere garaşly Jumanýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşlikde bolanymyzda, has aýdyň göz ýetirdik.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl