Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 11-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmegi we nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi dowam etmegi aýratyn tabşyrdy. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynyň iň iri önümçilik-hojalyk toplumy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gamyşlyjanebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň «gara altyn» ussatlary pudagyň netijeliligini artdyrmakda nusgalyk işleri alyp barýarlar.
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çägindäki baýlyklar känlerinde iş alyp barýan «Gamyşlyjanebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçileri hazynalar mesgeninden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen ýedi aýynda 397 müň 443 tonnadan gowrak nebit çig malyny çykaryp, bellenilen meýilnamany 115 göterim ýerine ýetirmegi başardylar.