Ýurdumyzyň senagat kärhanalarynda şanly seneleri, baýramçylyklary mynasyp garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekmek asylly däbe öwrüldi. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri hem şeýle ýörelgä eýerip, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar. Munuň şeýledigine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen alty aýynyň netijeleri hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
«Kärhanamyzda hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrundaky işler gowşamaýan depginde dowam edýär. Munuň üçin önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylýar we gymmatly nebit önümleri köp möçberlerde öndürilýär. Möhüm işe her bir hünärmen özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Biz işgärlerimiz üçin kadaly iş şertleriniň döredilmegi, olaryň maşgalalaryny durmuş taýdan goldamak meselelerini hem mydama üns merkezinde saklaýarys» diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Ahmet Annamyradow gürrüň berýär.