«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň arkalaşykly, egin-egne berip çekýän zähmeti arkaly ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilaty, şol sebitleriň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalar «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär. Häzir bu iri önümçilik düzüminiň gazçylary bu welaýatlarda umumy uzynlygy üç müň sekiz ýüz segsen dört kilometr bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler.
Müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň togsan üçüsi, gazyň basyşyny sazlaýjy düwünleriň on dördüsi, gaz ölçeg beketleriniň bolsa altysy bolup, şolaryň hemişe saz işlemegi degişli hünärmenler tarapyndan üpjün edilýär.