Döwletimiziň nebitgaz toplumynyň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasynyň gazçylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ikinji ýarymynyň işlerini guramaçylykly dowam edýärler.
Üç iş çalşygynda, gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän toplumda dürli derejeli işçi-hünärmenleriň agzybirlikde zähmet çekmeginde önümçilik edarasynyň aýba-aý iş tabşyryklarynyň birkemsiz berjaý edilýändigini degişli hünärmenler buýsanç bilen gürrüň berýärler. Edaranyň işleriniň barha ilerlemeginde gaz gysyjy gullugyň uly dispetçeri Meretdurdy Halnazarow, dispetçer Atageldi Ilmyradow, slesarlar Parahat Osmanow, Hakmyrat Mämenow, elektrik ussalary Allamyrat Darhanbaýew, Baýramdurdy Hojagulyýew hem-de edaranyň elektrosuw üpjünçiligi gullugynyň işçi-hünärmenleri Muhammetberdi Taganow we Durdymyrat Hydyrow ýaly işçi-hünärmenleriň her biriniň öz saldamly paýynyň bardygyna olar bilen iş üstünde ýakyndan söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.