«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» şypahanasy ýurdumyzyň nebitgazçylaryna ýeňillikli ýollanmalar bilen lukmançylyk hyzmatlaryny göreldeli ýola goýmagy başarýan şypahanalaryň biridir. Şeýle hem bu ýerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän ýurdumyzyň raýatlary hem dynç alyp, saglygyny berkidip bilýärler.
Birbada 100 adamy kabul edip bilýän şypahanada nebitçilere we olaryň maşgala agzalaryna lukmançylyk hyzmatlary ýokary hil ülňülerine laýyk alnyp barylýar. Şypahananyň lukmanlary-da, şepagat uýalary hem öz işleriniň hakyky ussatlary. Olaryň süýji dilliligini, güler ýüzlüligini göreniňde, ata-babalarymyzyň «Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa» diýen paýhasy bada-bat ýadyňa düşýär. Zerur lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen fizioterapiýa, sirkulýar duş, duş şarko, bişofitli wanna, bejeriş-bedenterbiýe otaglary bejergileriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerde dynç alýanlara ginekolog, terapewt we diş lukmanlary hem ýokary hilli hyzmatlary ýola goýýarlar. Balkanabatdaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat ussatlarynyň bu ýerde yzygiderli bolup durmaklary dynç alýanlara çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Sport meýdançasy, hammam, sauna dynç alýanlaryň hyzmatynda. «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinden ýollanmalar bilen gelýänleri bu ýerde üç wagtyna ýokary derejede taýýarlanýan milli tagamlar bilen naharlaýarlar.