Hünär kämilligi — döwrüň talaby

Hünär kämilligi — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hünärmenleriň, işçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işini täzeçe, döwrebap guramak maksady bilen geçen ýylyň sentýabr aýynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesi açyldy. Bölümçäniň açylan ilkinji günlerinden başlap gysga möhletli kämilleşdiriş okuwlary ýola goýuldy. Geçen döwürde okuw bölümçesinde nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, işçileriň alty ýüz otuzysy öz hünär derejesini ýokarlandyrdy. Olara hünäri ýokarlandyryş okuwyny geçendikleri baradaky şahadatnama gowşuryldy. Şolaryň esasy bölegi «Türkmengaz» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky nebitgaz gözleg ekspedisiýalarynyň hünärmenleri hem işçileridir.

Bölümçede işçileri zähmetine görä tapawutlandyrmak we derejelendirmek, nebitgaz pudagynyň hem-de milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlarynyň hünärmenleriniň, işçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek boýunça gysga möhletli okuwlar geçilýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl