«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň okuw otaglary, tejribehanalary okuw-görkezme esbaplary, döwrebap enjamlar, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Okuw mekdebini her ýylda ýaş hünärmenleriň ýüzlerçesi tamamlap, «Türkmengaz» döwlet konserniniň edara-kärhanalaryna işe ugradylýar. Elbetde, talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimleriniň önümçilik tejribeligi bilen utgaşdyrylmagy olaryň saýlap alan hünärini pugta ele almaklarynda möhüm şertleriň biri bolup durýar.