Halypa hormaty

Halypa hormaty

Ýurdumyzda gaz senagatynyň peýda bolmagyna we bu pudagyň ösüşlere beslenmegine ildeşlerimiziň müňlerçesi gatnaşdy we möhüm işe saldamly goşandyny goşdy. Olar hakynda gürrüň gozgalanda, Murat Hojaniýazowyň ady hem ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda abraý bilen zähmet çekip, täze pudagyň ösüşlere beslenmeginde önjeýli işleri bitirdi.

Murat Hojaniýazow orta mekdebi tamamlandan soňra, 1966-njy ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyna okuwa girýär, bu okuw mekdebinde üstünlikli okap, nebit we gaz ojaklarynyň geologiýasy we barlagy hünärini ele alýar. Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başynda ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda tebigy gazly ýataklaryň üstüni açmak boýunça barlag-gözleg işlerine giň gerim berlipdi. Ýaşlaryň arasynda ýerasty baýlyklaryň üstüni açmak işine gatnaşmaga gyzyklanmanyň artmagy hem şeýle düýpli özgerişler bilen baglanyşykly bolupdy. Ýurdumyzda bolup geçýän şeýle wakalar Muradyň hem ýaşlykdan bu ugra höwes etmegine we şu käri saýlap almagyna sebäp bolupdy.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl