«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Saparmyrat Türkmenbaşyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde şu ýylyň bäş aýynyň iş meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Munuň özi etrabyň medeni zolakdan uzakda, Bötendag belentligini etekläp oturan hem-de Sarygamyş kölüne golaý ýerlerde ýerleşen obalaryň ilatyny suwuklandyrylan «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek babatynda-da şeýle.
Edaranyň gazçylary, bulardan başga-da, etrabyň merkezinde we obalarynda täze gurulýan binalary we täze emele gelýän hojalyklary gazlaşdyrmak ugrunda hem öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Bu ugurda şu ýylyň başyndan bäri, ýagny ýanwar — maý aýlary aralygynda durmuşa geçirilen işleriň netijesinde bu sebitde täze emele gelen maşgalalaryň ençemesi tebigy gazyň eşretli hözirini görmäge mümkinçilik aldylar. Biz munuň şeýledigine etrabyň ýaşaýjysy Kerim Abdyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.