Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmäge çynlakaý üns berýär we möhüm çözgütleri kabul edýär. Şeýle taýsyz tagallalar ýerlerde uglewodorod serişdeleriniň goruny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere giň gerim bermegi şertlendirýär. Bu möhüm işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir we başarjaň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň çekýän maksada okgunly zähmetleri ýerine-de düşýär. Baýlyk agtaryjylar golaýda ildeşlerimizi ýene bir hoş habar bilen begendirdiler. Ekspedisiýanyň Aganyýaz Akyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň agzalarynyň Demirgazyk Gazlydepe käninde burawlan barlag guýusyndan tebigy gazyň bol akymy alyndy. Hünärmenler bu guýynyň önüm berijiliginiň tebigy gazyň bir gije-gündizde 420 müň kub metrine, gaz kondensatynyň hem 5 tonnasyna barabardygyny tassyklaýarlar.
«Bu känden indi köp ýyllardan bäri tebigy gaz alnyp gelinýär. Şol sebäpli önüm berýän guýular pes basyşly hasaplanýar. Ýöne hünärmenler bu käniň baýlyklara baýdygyny çaklaýarlar. Alyp barýan işlerimiz hem şol çaklamalara esaslanýar. Biziň burawlan barlag guýymyzyň