«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, ilat tarapyndan gymmatly «mawy ýangyjyň» aýawly ulanylmagy ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ýerde edaranyň sargytlary kabul ediş dispetçeri Ýusup Mätkerimow, daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň abatlaýjy slesarlary Myrat Saryýew, Nurmyrat Akyýew, Akmyrat Geldiýew, içeri öý gaz enjamlary gullugynyň bejeriji slesarlary Gaýgysyz Kakabaýew, Nurmyrat Motakow we Şatlyk Saparow dagynyň gündelik alyp barýan nusgalyk işleriniň netijesinde ilat tarapyndan gelýän sargytlar öz wagtynda hasaba alnyp, gyssagly netijeler çykarylýar, etrabyň çäginde bar bolan 1 müň 200 kilometrden gowrak uzynlykdaky bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi üpjün edilýär.
Bu işler bilen bir hatarda, edaranyň gazçylary tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde etrabyň Türkmenistan geňeşliginiň «Kerpiçli», Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşligiň bolsa «Bäş atly» obalarynda täze emele gelen hojalyklary gazlaşdyrmak maksadynda hem möhüm işler durmuşa geçirilipdir. Häzirki döwürde bu ýerlerde etrabyň gazçylary tarapyndan göwrüminiň ululygy