Ösüşlere kuwwat berip

Ösüşlere kuwwat berip

Ata Watanymyzyň ösüşleriniň bedew badyna deňeşdirilmeginde uly many, uly mazmun jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, şonuň hasabyna Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň başyny başlady. Şonda ösüşleriň hereketlendiriji güýji bolan ýangyç-energetika pudagyny ileri tutup ösdürmäge tarap aýgytly ugur alyndy. Geçen sanlyja ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýan kämil elektrik stansiýalary gurlup, üstünlikli işe girizildi. Şeýle döwrebap desgalaryň ikisi Lebap welaýatynda peýda boldy. Olar «Lebap» hem-de «Watan» döwlet elektrik stansiýalarydyr.

Täze desgalarda elektrik energiýasyny öndürmek üçin ýerasty baýlygymyz bolan tebigy gazdan peýdalanylýar. Täze kuwwatlyklaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen ýokary basyşly gaz geçirijileri çekildi. Olaryň biri umumy uzynlygy 125 kilometre barabar bolan Üçajy — Zergär ýokary basyşly gaz geçirijisidir. Bu desgany gurmak işini «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň ezber gurluşykçylary ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl