Täzelikde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylary «Galkynyş» gaz känindäki 285-nji ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Ekspedisiýanyň gazçylary bu gaz guýusyny burawlamakda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini 4 müň 452 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar guýynyň önümli gatlagynyň 162 metrinde geçirilen atyş-partladyş usuly arkaly «mawy ýangyjyň» senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Bu guwandyryjy zähmet üstünligi kärhananyň burawlaýjylarynyň birnäçe aýyň dowamynda egin-egne berip, agzybirlikli çeken zähmetiniň miwesidir. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy bir gije-gündizde iki million kub metrden köpräk tebigy gaz berýär. Bu işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilmegi, gazanylan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde kärhananyň ýaş gazçylarynyň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy önümler we tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi işleri çalt depginde, ýokary hilli ýerine ýetirmäge, şeýlelikde, guýularyň uzak wagtlap işlemegine mümkinçilik berýär.