Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmek boýunça bellän wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň agzybir işgärleri guwandyryjy işleri bitirýärler. Olar ykdysadyýetiň binýatlyk pudagynyň önümçilik desgalaryny gurmakda ýokary başarnyk görkezýärler. Şonuň netijesinde täze kuwwatlyklar işe girizilýär, umumy işler düýpli ilerleýär. Gurluşykçylar esasy işleri bilen birlikde bag nahallaryny oturtmak, ozaldan bar bolan baglara ideg etmek işlerinde hem yhlaslylyk görkezýärler.
«Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär we bu işe giň gerim berýär. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň sebitlerinde täze tokaý zolaklary peýda bolýar. Şeýle il-ýurt bähbitli işe biziň gurluşykçylarymyz-da işjeň gatnaşýarlar. Çekýän zähmetimiz ýerine-de düşýär, täze baglyklar döredilýär» diýip, trestiň dolandyryjysy Söýeg Andaweliýew gürrüň berýär.