Nebitçileriň döwrebap işleri

Nebitçileriň döwrebap işleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 7-nji fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn belläp geçdi. Şunda pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmak, olary netijeli işe girizmek esasy şert bolup durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde alnyp barylýan işler bu ugurda bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözgüdini tapýandygyna güwä geçýär.

Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy, ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag, ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri, sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalardyr ymaratlary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalarynyň arasynda hemişe öňe saýlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen iki aýynda müdirligiň hünärmenleri tarapyndan hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberi 179 müň 880 tonna barabar bolup, göz öňünde tutulan meýilnama 106 göterim amal edildi. Bu görkeziji gürrüňi edilýän hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan gymmatly çig malyň üçden birine golaýdyr. Müdirlik boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 müň 740 tonna «gara altynyň» artyk çykarylyp, önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlandyrylandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Kärhana boýunça gürrüňi edilýän hasabat döwründe hereket edýän guýulardan 65 million 980 müň kub metr tebigy gaz çykarmak baradaky meýilnama bolsa 135 göterime golaý amal edilipdir.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl