Täze guýularyň hatary artýar

Täze guýularyň hatary artýar

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde milli ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň netijeli işlemekleri üçin ählitaraplaýyn giň mümkinçiliklerdir şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinden ruhlanýan türkmen nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde tagallalaryny gaýgyranoklar.

Täze, geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmek, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek, bu topluma döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak bolsa «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň hem esasy wezipeleri bolup durýar. Olaryň nebitgazly ýataklarda alyp barýan işleri döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu ugurda önümçilige yzygiderli ornaşdyrylan kuwwatly desgalar burawlaýjylara has çuň gatlaklara ynamly aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl