«Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Işleseň, il tanar» ýaly nakyllardyr atalar sözlerini döreden pähimdar pederlerimiz öz halal zähmeti bilen il alkyşyna mynasyp bolýan ynsanlaryň sarpasyny hemişe belent tutupdyr. Öz çärýek asyrlyk zähmet ýolunda uly sylag-hormata mynasyp bolup gelýän işçileriň birine Serdar Baýnazarow diýýärler. Ol häzir «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň Gubadag şäherinde ýerleşýän ülşünde daşary gaz geçirijilerine, gaz sazlaýjylaryna gözegçilik gullugynyň bejeriji slesary bolup işlemek bilen, geçen döwürde içeri we daşary gaz enjamlaryndan, tebigy gazdan peýdalanmakda hem-de şol enjamlary düýpli abatlamakda baý iş tejribe toplan ussat gazçylaryň biridir.
«Men zähmet ýoluma 2000-nji ýylda şu ýerde ýönekeý işçilikden başladym. Soňra edaranyň içeri öý gaz enjamlary gullugynyň düzüminde Muhammet Orazow, Agamyrat Esenow, Begenç Kakabaýew, Hoja Nazarow, Myrat Durdyýew ýaly halypa gazçylar bilen egin-egne berip, 10 ýyldan gowrak agzybirlikde işlemek bilen, halypalardan iş öwrendim, hünär ussatlygymy artdyrdym. Soňky ýyllarda bolsa ussa Atajan Gurbannazarowyň ýolbaşçylygynda Tirkeş Batyrow, Kaka Gurbanow, Guwanç Orazbaýew, Durdymyrat Nuryyew we T-40 kysymly traktora tirkelen kebşirleýji enjamynda elektrik bilen kebşirleýji Erkebaý Täjibaýew ýaly daşary gaz geçirijilerine, gaz sazlaýjylaryna gözegçilik gullugynyň tejribeli gazçylary bilen bilelikde, ülşüň garamagynda bar bolan bitewi gaz ulgamlarynyň saz işlemegi ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarys.