Çeleken — baýlyklar mesgeni

Çeleken — baýlyklar mesgeni

Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän Çeleken ýarym adasy, bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, uglewodorod çig mallarynyň juda köp gorlaryny öz goýnunda toplaýar. Bu ýerden çykarylýan nebitiň hasabatyny ýöretmek 1876-njy ýyldan başlap ýola goýlupdyr. Günbatardan gündogarlygyna uzalyp gidýän ýarym adanyň häzirki tutýan meýdany bäş ýüz inedördül kilometre golaýlaýar.

Ýarym ada geologik taýdan Hazar depressiýasynda ýerleşip, mezozeý we çetwertik döwrüň çökündi jynslaryndan düzülendir. Tektonik hereketiň netijesinde ol ençeme gezek kese we dik döwülmelere uçraýar hem-de belli bir ugry bolmadyk döwüm liniýalaryny emele getirýär. Hut şu ýagdaýyň özem ýeriň çuň gatlaklaryndan läbik wulkanlaryň atylyp, ýodly-bromly suwlaryň çogup çykmagyna getiripdir. «Çar» we «kän» sözlerinden emele gelen Çeleken sözi «dört kän» ýa-da «dört baýlyk» (nebit, nebitdakyl, duz, boýag) diýen manyny berýär. Ir döwürlerde Akjaýar diýlip atlandyrylan häzirki Hazar şäherçesinde ýod, brom, gurum öndürmek onlarça ýyllar bäri üstünlikli ýola goýulýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl