Belent sepgitlere ynamly badalga

Belent sepgitlere ynamly badalga

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 3-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şundan ugur alyp, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem netijeli işleri alyp barýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar geçen ýyl tutuş trest boýunça 278,3 müň tonna golaý «gara altyny» hem-de 194,5 million kub metre barabar «mawy ýangyjy» goşmaça çykaryp, bellenilen meýilnamalaryň degişlilikde 118,2 göterim we 355,4 göterim ýerine ýetirilmegini gazandylar.

Geçen ýyl abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde tutuş trest boýunça jemi 533 sany guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 413-sine derek 479-sy gaýtadan hatara goşuldy. Bu üstünlige «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşdular. Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 115 müň tonna barabary «Goturdepe», 80 müň tonna golaýy «Barsagelmez» we 71 müň tonnadan gowragy bolsa «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliklerine degişlidir.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl