Baragyza gaz bardy

Baragyza gaz bardy

Bu ýerde gürrüň Dänew etrabynyň Baragyz geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň onlarçasynyň ojaklarynda «mawy ýangyjyň» alawlap başlamagy hakynda barýar. Şeýle şatlykly wakanyň golaýda süýji arzuwlara we ýagşy umytlara beslenip bosagamyzdan ätlän Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky günlerde bolup geçmegi onuň ähmiýetini has artdyrýar.

— Geňeşligimiziň çäginde obalaryň dördüsi bolup, olarda ilatyň 3,3 müňe golaýy ýaşaýar. Bu san bolsa ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi täze maşgalalaryň peýda bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Döwletimiz tarapyndan ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn kömek-ýardam berilýär. Şeýle goldaw täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak ýaly möhüm meseläni hem öz içine alýar. Şonuň netijesinde geňeşligimiziň Gum obasynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlan köçeler peýda boldy. Tebigy gaz hem hut şol hojalyklara çekildi. Mähriban halky, onuň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize agzybir ilatymyzyň adyndan köp-köp sagbolsun aýdýarys — diýip, bu geňeşligiň arçyny Ahmet Mametkulyýew özüniň hoşallygyny beýan edýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl