Täze gözýetimleri nazarlaýan gazçylar

Täze gözýetimleri nazarlaýan gazçylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary geçen 2024-nji ýyly üstünlikli jemlemek bilen, 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» işlerine guramaçylykly girişdiler. Mälim bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde nusgalyk zähmet çekýän gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärleri üçin iň bir jogapkärli döwür bolan gyş möwsümi dowam edýär.

Bu möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalaryň ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen, gaz ulgamlarynda tebigy gazyň basyşy has-da ýokarlanýar. Tebigy gazy ulanyjylaryň «mawy ýangyja» bolan islegi has-da artýar. Munuň şeýledigine düşünýän gazçylar demirgazyk welaýatyň ilatynyň hem-de edara-kärhanalarynyň tebigy gaz bilen ýylyň islendik döwründe ýeterlik üpjün bolmagy, halkymyzyň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň bökdençsiz alawlamagy ugrunda gije-gündiziň dowamynda netijeli işleri alyp barýarlar. Şeýle irginsiz zähmetiň netijesinde bolsa häzirki döwürde welaýatyň gaz hojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan obadyr şäherlerde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 13 müň 200 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 5 müň 160-dan gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilip, bitewi gaz ulgamynyň saz işlemegi gazanylýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl