Dünýä ýaň salan taryhy wakalara, düýpli ösüş-özgerişlere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly üstünlikli tamamlandy. Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň agzybir we ruhubelent işgärleri hormatly Prezidentimiziň öz öňlerinde goýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek işinde ýokary başarnyk hem-de tutanýerlilik görkezýärler. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmengeologiýa» gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg toparynyň işgärleriniň atlary hem şanly ýyly şowly jemläp, uly abraý eýesi bolýanlaryň hatarynda agzalýar.
— Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasaty ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle möhüm işlere biziň hünärmenlerimiz hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şu tamamlanan ýylda buýurmalaryň birnäçesi üstünlikli berjaý edildi — diýip, toparyň baş geology Şanazar Anarow bitirilen işler barada höwes bilen gürrüň berýär.