Okgunly ösüşleriň röwşen ýoly

Okgunly ösüşleriň röwşen ýoly

Şu gün şan-şöhrata beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň soňky güni. Ertir ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alynýan täze ýylyň ilkinji güni. Geçen bilen geljegiň arasynda durup, geçilen taryhy ýola nazar aýlamak ynsanda ýakymly duýgulary oýarýar. Biziň her birimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösüp, her ýylda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň taryha altyn harplar bilen ýazylýandygynyň şaýady bolýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere tarap barýar. Şu ýylyň şanly wakalary, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýetilen sepgitler hem bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurmak we döretmek ýolunda ilerleýän Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady berkeýär. Innowasion önümçilikleriň döredilmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşleriň aýdyň mysallarydyr. Şu ýyl Ahal hem-de Lebap welaýatlarynda her biri ýylda bir million tonna önüm öndürýän Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň dürli sebitlerinde agyz suwuny arassalaýjy täze desgalaryň birnäçesi açyldy. 5-nji iýunda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy birleşdirmek boýunça amala aşyrylýan taslamanyň Balkan — Daşoguz bölegi işe girizildi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl