Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu tema hem-de onuň bilen bagly bolan meselelere dürli ýurtlara saparlar mahalynda ýa-da ýokary wezipeli myhmanlar kabul edilende möhüm ähmiýet berilýär. Çünki gaz strategik döwletara we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýän esasy energetika serişdeleriň biri bolup durýar.
Şu ýylyň 28-nji awgustynda Tähranda ýokary derejede geçirilen türkmen-eýran gepleşikleri munuň aýdyň subutnamasy boldy. Mälim bolşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-niň Prezidenti Masud Pezeşkian, şeýle hem döwletiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen duşuşdy, ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda gaz pudagy görkezilip, bu ugurda dostlukly ýurtlar ençeme ýyllaryň dowamynda özara gatnaşyklary saklaýarlar.