Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu tema hem-de onuň bilen bagly bolan meselelere dürli ýurtlara saparlar mahalynda ýa-da ýokary wezipeli myhmanlar kabul edilende möhüm ähmiýet berilýär. Çünki gaz strategik döwletara we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýän esasy energetika serişdeleriň biri bolup durýar.     

Şu ýylyň 28-nji awgustynda Tähranda ýokary derejede geçirilen türkmen-eýran gepleşikleri munuň aýdyň subutnamasy boldy. Mälim bolşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-niň Prezidenti Masud Pezeşkian, şeýle  hem döwletiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen duşuşdy, ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda gaz pudagy görkezilip, bu ugurda dostlukly ýurtlar ençeme ýyllaryň dowamynda özara gatnaşyklary saklaýarlar.  

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl