Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara

09:35 12.05.2021 2695

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2176/original-1609b5589b6108.jpeg

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy­ň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öň­de duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bu halkara forumy­ň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek bilen bir hatarda, nebiti we gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri döretmäge uly üns berýär. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öň­debaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalary gurulýar.

Bu halkara foruma daşary ýurtlardan gatnaşýan işewürler ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary, senagaty döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrylar.

Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, ýurdumyz Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta — Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öň­debaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Forumda daşary ýurt maýa goýumlaryna gyzyklanma bildirýänleriň ählisine, hususan-da, işewürlere häzirki zaman maýa goýum hyzmatlaryny amala aşyrmak babatda tekliplerini beýan etmäge hem-de türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirmäge doly mümkinçilikler dörediler.

Hormatly halkara foruma  gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar!

Nebite we tebigy gaza baý bolan ýataklary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze ojaklary açmak, täze känleriň çägini gi­ňeltmek, täze guýulary burawlamak ýaly işler baglaşylan şertnamalar we ylalaşyklar esasynda daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyçenergetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Şo­ňa görä-de, köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi di­ňe bir oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ösüşine hem oňaýly täsirini ýetirer.

Bu günki gün Türkmenistan energiýa serişdelerini di­ňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümleriniň eksportynyň möçberlerini hem ýylsaýyn artdyrýar. Bu babatda tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris.

Soň­ky ýyllarda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, biz ýakyn wagtda ençeme gazhimiýa toplumlaryny hem-de zawodlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar.

Şeýlelikde, tebigy baýlyklaryny di­ňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýän Türkmenistan halkara gi­ňişlikde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Bu halkara forumy­ň hem ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly maýadarlar bilen bilelikde özara tejribe alyşmakda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de ikitaraplaýyn bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!  Hormatly halkara foruma  gatnaşyjylar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy­ň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ata Watanymyzyň nebitgaz pudagynyň işini ösdürmek we ony milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ulgamyna öwürmek babatda alyp barýan işleri­ňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


15f73033b57900.jpeg
Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek boýunça öňdeligi saklaýar

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gaz eksportunyň göwrümi boýunça birinji orunda durýar, bu barada hytaý gümrükhanasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen Interfaks habar berýär.


15fa3a9161a093.jpeg
Nebitgaz toplumynyň talyplary nazary bilimleri tejribe bilen utgaşdyrýarlar

Şu günler Daşoguz welaýat häkimliginiň №2 hünär mekdebiniň talyplary «Daşoguzgazçykaryş», «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliklerinde, Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynda we welaýatyň nebitgaz toplumynyň beýleki önümçilik edaralarynda nazary bilimler bilen bir hatarda önümçilik başarnyklaryny hem berkidýärler.


15f3b64dcbb423.jpeg
OPEC+ ýurtlary iýul aýynda nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça ylalaşygy 95% ýerine ýetirdiler

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygyny ýerine ýetirmegiň derejesi iýul aýynda 95%-e ýetdi. Iýunda bu görkeziji 107% boldy. Şeýlelikde, guramanyň döwletleri iýulda bazardan 9,2 mln b/g nebit azaldyp, ylalaşygy 0,5 mln b/g amal etmediler. Bu netijeleri OPEC+ tehniki geňeşi duşenbe güni getirdi, diýip TASS belleýär.