17-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan bu çärelere taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amatly maýa goýum gurşawyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Halkara maslahaty “Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” diýen şygar astynda geçiriler we onuň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, halkara maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahatyny we sergisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.