8-nji oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşykda eden çykyşynda « Ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşi, olaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, hiliniň we tehnologik derejesiniň ýokarlandyrylmagy umumy bähbitlere laýyklykda we özara bähbitli şertlerde hyzmatdaşlygymyzy has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär» diýip belledi.
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň sebit we dünýä işlerinde iň möhüm logistika we energetika ösüş merkezleri hökmünde roly yzygiderli ösýär. Bu bolsa Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň oňat geljegini açýar.
Serdar Berdimuhamedow ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna täze depgin bermegi, Merkezi Aziýany we Azerbaýjany yklymdaky Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika, energetika we senagat geçelgeleriniň esasy we başga hiç zat bilen çalşyrylmajak gatnaşyjylaryna öwürmekde tagallalary birleşdirmegi atlandyrdy. Mundan başga-da, tehnologik taýdan çalt ösüş üçin şertleri döretmegiň, dünýäde bu görkezijiler boýunça bäsdeşlik ukyplylygyna çykmak maksady bilen emeli aňy ornaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Prezident diňe bir turba geçirijileriň ugurlary barada däl-de, eýsem, gyzyklanma bildirýän ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek taslamalary, elektroenergetika pudagynda durnukly baglanyşyklary döretmek barada hem söhbet edilýändigini belledi. Munuň özi geljegimiziň möhüm binýady, ýurtlarymyzyň energetika howpsuzlygynyň ygtybarlylygy, şeýle hem häzirki wagtda dünýä energetika bazaryndaky durnuksyzlyklara garşy möhüm kepilligimiz bolup durýar.
“Ýurtlarymyzyň arasynda söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Bu ýerde hem altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek ýerlikli bolar diýip hasaplaýaryn. Şunda telekeçilik birleşikleri we assosiasiýalary öz üstüne başlangyçly orny almalydyrlar. Olaryň netijeli başlangyçlarynyň döwlet derejesinde goldanyljakdygyna ynanýaryn” diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmak boýunça anyk teklipler beýan edildi, bu bolsa Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti şu günki mejlisiň bu işe döredijilikli we konstruktiw ugurlary bermäge ýardam edendigini nygtady. Döwlet Baştutanlarynyň beren teklipleri, pikirleri we başlangyçlary örän anyk häsiýetli bolup, umumy kuwwatly mümkinçilikleri iň ýokary derejede peýdalanmaga gönükdirilendir. Konsultatiw duşuşygyň altytaraplaýyn görnüşi bu maksatlara ýetmek üçin täze möhüm mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň Baştutany Prezident Ilham Aliýewi 2027-nji ýylda nobatdaky Konsultatiw duşuşygyň Azerbaýjanda geçiriljekdigi barada kararyň kabul edilmegi bilen gutlady.
Duşuşygyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.